Golaýda belli işewür Ilon Mask satyn alandan soňra Nýu-Ýorkuň biržasyndan çykyp, dolulygyna hususy kompaniýa öwrülen “Twitter”-iň eýeçiligi hem üýtgedi. Soňky ýagdaýa görä, kompaniýanyň uly mukdardaky paýnamalaryna Ilon Maskdan soňra Saud Arabystanyň mirasdüşer şazadasy Al-Welid bin Talal, kompaniýanyň ozalky ýolbaşçysy Jek Dorsi we Kataryň Maýa goýum edarasy eýeçilik edýär.
Ilon Mask geçen hepde bank karzlary we maýa goýumlaryny dowam etdirmek isleýän paýdarlaryň goldawy bilen, “Twitter”-i 44 milliard dollarlyk şertnama bilen satyn aldy. Onuň yzysüre bolsa, kompaniýanyň paýlaryny biržadan aýryp, “Twitter”-i halk köpçüligi üçin paýly kompaniýadan 100 göterim hususy kompaniýa öwrüpdi. Şeýlelikde on ýyl töweregi wagt bäri paýnamalary paýdarlar köpçüligi üçin açyk bolan “Twitter”-iň uly paýdarlary hem üýtgedi.
Saud Arabystanyň mirasdüşer şazadasy Al-Welid bin Talal eýeçilik edýän “Kingdom Holding Company”-ä degişli bolan 35 million sany paý bilen “Twitter” maýadary bolmagyny dowam etdirmek kararyna gelipdi. Şeýlelikde kompaniýanyň her paýnamasy 54,2 dollar bolup, jemi 1,9 milliardlyk paý bu kompaniýa degişli bolýar. Bu bolsa onuň Maskdan soňra ikinji paýdar bolmagyna getirýär.
“Twitter” ozalky ýolbaşçysy we esaslandyryjylarynyň biri bolan Jek Dorsi paýnamalaryň 2,4 göterimine eýe bolup, bu görkeziji 978 million dollara gabat gelýän 18 million paýdan ybarat. Kataryň Maýa goýum edarasynyň paýyna 375 million dollar düşýär.
Muhammetmyrat Beghanow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby