UEFA Çempionlar Ligasynda “A” toparçada “Liwerpul” “Napolini” 2-0 hasabynda ýeňse-de, bu olara birinjilik üçin ýeterlik bolmady. Şu möwsümde ähli ýaryşlary hasaba alanyňda ilkinji gezek utulan “Napoli” toparynyň derwezesinden gollary soňky minutlarda, has takygy, 84-nji minutda Mohamed Salah bilen 90+8-nji minutlarda Darwin Nunýes geçirdi. Şeýlelikde, bu ýaryşda 41-nji gezek tapawutlanan Salah “Liwerpulyň” Çempionlar Ligasynda iň köp gol geçiren 2 oýunçysynyň biri boldy (beýlekisi Stiwen Jerrard). Şeýle-de bu duşuşyk Ýurgen Kloppuň Çempionlar Ligasyndaky 100-nji, “Liwerpuldaky” 400-nji duşuşygy hökmünde hasaba alyndy.

“Aýaks” bolsa “Reýnjersi” myhmançylykda Berguisiň, Kudusyň hem-de Konseisaonyň gollary bilen 3-1 utup, Ýewropa Ligasyna goşuldy. 6-njy duşuşygynda-da utulan “Reýnjers” 2 gol geçirip, 22 gol geçirtdi we -20 gol aratapawudy bilen Çempionlar Ligasynyň taryhynda iň şowsuz netije görkezen topar boldy. Bu ugurda ozalky antirekord “Dinamo Zagrebe” degişlidi (-19).