Halkara Aeroportlar Geňeşiniň (ACI) maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji alty aýynda uçar ýolagçylarynyň sany geçen ýylyň degişli döwründäkiden 69 göterim artypdyr. Marokkanyň Marrakeş şäherinde geçirilen maslahatda agzalýan geňeşiň ýolbaşçysy Luis Felipe de Oliwýera alty aýyň dowamynda 3 milliard adamyň uçar gatnawyndan peýdalanandygyny mälim etdi. Bu artyşyň syýahatçylyk pudagy bilen baglanyşyklydygy aýdyldy. Ýylyň ahyryna çenli dünýäde uçar ýolagçylaryň sanynyň 6 milliard 800 milliona ýetmegine garaşylýandygy aýdyldy.
Bilermenleriň bellemeklerine görä, dünýäde emele gelen pandemiýa iň köp syýahatçylyk pudagyna täsirini ýetiripdi. 2022-nji ýyldan başlap, çäklendirmeleriň ýatyrylmagy bu pudagyň gaýtadan ösüş gazanmagyna getirdi
Näzli Saparowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF









