Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýres şäherinde meşhur futbolçy Diýego Maradonanyň dünýäde iň uly suraty peýda boldy. Suratkeş Martin Ron tarapyndan döredilen ägirt sungat eseri 14 gatly binany bezedi.
1600 metr meýdany eýeleýän bu surat 1990-njy ýylda geçirilen Dünýä çempionlygynyň final duşuşygyndan düşürilen fotosurat esasynda döredildi. Şol oýunda Argentinanyň ýygyndysy Germaniýanyň ýygyndy topary bilen duşuşypdy.
25 güne çeken eseri döretmek üçin suratkeşe we onuň kömekçilerine 800 litr reňk ulandylar. Bu Maradonanyň dünýäde iň uly portreti bolup, onuň beýikligi 45 metre golaýlaýar.
Maradona 2020-nji ýylda 60 ýaşynda ýürek ýetmezçiliginden aradan çykdy. Ol Argentinanyň milli simwoly hasaplanýar.