“SpaceX” kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask G20 sammitine gatnaşmakçy. Bu batrada “CNN Indoneziýa” teleýaýlymy habar berdi.
Maglumatlara görä, Mask “Geljegiň global tehnologik innowasiýalary üçin nawigasiýa” sessiýasynda çykyş eder.
Ondan öň Indoneziýanyň Daşary işler ministri Retno Marsudi “Roýter” habar gullugyna beren interwýusynda Indoneziýanyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň G20 sammitine gatnaşyp-gatnaşmajakdygyny henizem bilmeýändigini aýtdy.
Indoneziýanyň häkimiýetleri G20 ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň 17-nji sammitini şu ýylyň 15-16-njy noýabrynda Bali adasynda ýüzbe-ýüz ýagdaýda geçirmegi meýilleşdirýärler.
«Uly ýigrimiligiň» düzümine Awstraliýa, Argentina, Braziliýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Hindistan, Indoneziýa, Italiýa, Kanada, Hytaý, Meksika, Russiýa, Saud Arabystany, ABŞ, Türkiýe, Fransiýa, Günorta Koreýa, Günorta Afrika Respublikasy, Ýaponiýa we Ýewropa Bileleşigi ýaly ykdysadyýeti has ösen we ösýän ýurtlar girýär.
G20 topary dünýäniň jemi içerki önüminiň 85 göterimini, dünýä söwdasynyň 75 göterimini, şeýle hem dünýä ilatynyň üçden iki bölegini emele getirýär. 1999-njy ýylda esaslandyrylan bu Halkara guramasynyň maslahatynda esasan, halkara maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.