ABŞ-daky “Sotheby’s” auksionynda ýurduň ilkinji çap edilen Konstitusiýasy satylar. Bu resminama 1787-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Filadelfiýada kabul edildi. Ol bilermenler tarapyndan hakyky diýlip ykrar edilen Konstitusiýanyň resmi neşiridir. Onuň jemi 13 nusgasy bellidir. Olaryň diňe ikisi hususy kolleksiýa toplaýjylarda saklanýar. Galanlary bolsa, hökümete we guramalara degişlidir. Auksion dekabr aýynyň ortalarynda geçiriler. Resminamanyň başlangyç bahasy 30 million dollar bolar.
Birleşen Ştatlaryň Konstitusiýasynyň beýleki nusgalygy geçen ýylyň noýabrynda 43 million dollardan gowrak baha satylypdyr.