G20 toparynyň 17 agzanyň ýolbaşçylary, 15-16-njy noýabr aralygynda Indoneziýanyň Bali adasynda geçiriljek G20 sammitine gatnaşjakdyklaryny tassykladylar. Bu barada Indoneziýanyň daşary işler ministrliginiň resmi wekili Teuku Faýzaşah aýtdy. Teuku Faýzaşah dürli sebäplerden ötri heniz gatnaşjakdygyny tassyklamadyk üç lideriň adyny aýtmakdan saklandy.

31-nji oktýabrda Indoneziýanyň daşary işler ministri Retno Marsudi Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri Rişi Sunak bilen Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloniniň ýakyn wagtda geçiriljek G20 sammitine gatnaşjakdygyny tassyklady.

G20 ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň Bali adasyna 13-nji noýabrdan başlap gelip ugrarlar, hem-de 16-17-nji noýabrda öz watanyna ugrarlar diýip, Marsudi sözüniň üstüne goşdy.

Olaryň käbiri Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygy (APEC) sammitine gatnaşmak üçin şol ýerden Taýlandyň paýtagty Bangkoga uçjakdygy habar berilýär.