Hytaýyň Başlygy Si Szinpin 4-nji noýabrda Pekinde Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Hytaýyň Merkezi telewideniýesi habar berdi. Hytaýyň lideri nemes kärdeşini Halk ýygnagy öýünde (mejlis) kabul etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar özara hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine laýyklykda, hytaý-german hyzmatdaşlygyny dürli ugurlar boýunça ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdiler.
Hytaýyň Lideri duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda has ýygjam hyzmatdaşlygyň zerurdygyny belledi. – Häzirki wagtda täsirli ýurtlar hökmünde Hytaý we Germaniýa dünýä parahatçylygyna we ösüşine has uly goşant goşmak maksady bilen tagallalaryny birikdirip, has-da çynlakaý işlemeli – diýip, Si Szinpin belledi.
Olaf Şols hem öz gezeginde, iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ikiçäk duşuşyk geçirmegine döredilen mümkinçilige oňyn baha berip, özüniň Hytaýa saparynyň döwletara hyzmatdaşlygynyň netijeli özara hereketleriniň ösdürilmegine we artdyrylmagyna täze depgin berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň barşynda hytaý-german ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň esasy ugurlary, şeýle hem iki ýurduň dürli ugurlar boýunça garaýyşlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreş we beýleki global meseleler maslahatlaşyldy.
Olaf Şolsuň häzirki sapary Germaniýanyň Kansleriniň 2021-nji ýylda wezipesine girişeli bäri Hytaýa amala aşyran ilkinji saparydyr. Bilermenler Şolsyň bir günlük saparynyň Hytaý bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarjakdygyny belleýärler.