Saud Arabystany elektroulaglary öndürmäge niýetlenen “Sir” atly ilkinji awtoulag brendini çykardy. Bu barada patyşalygyň mirasdüşer şazadasy Muhammet bin Salman habar berdi.

-Saud Arabystany häzirki wagtda diňe bir täze awtoulaglaryň markasyny däl, eýsem talabalaýyk bir pudagy döredýär – diýip, Saud habarlar agentligi mirasdüşer Şazadanyň sözlerini getirýär. Bu pudak daşary ýurt maýa goýumlaryny özüne çeker, patyşalygyň hünärmenleri üçin köp sanly iş ýerlerini döreder. Şeýle-de, hususy pudagy ösdürmäge we ýakyn ýyllarda Saud Arabystanynyň jemi içerki önümini ýokarlandyrmaga kömek eder.

Agentligiň maglumatlaryna görä, “Sir” diňe bir içerki sarp edijiler üçin däl, eýsem, Ýakyn Gündogar ýurtlarynda hem satmaga niýetlenen awtoulaglary öndürer. Taslamanyň 150 million dollar möçberinde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegine, 30 müňe golaý iş ornunyň döredilmegine we 2034-nji ýyla çenli girdejileriniň 8 milliard dollar bolmagyna garaşylýar.

“Sir” Saud Arabystanynyň Garaşsyz gaznasynyň we Taýwanyň “Foxconn” elektronika öndürijisiniň bilelikdäki taslamasydyr. Ýöne her bir awtomobil diňe patyşalygyň çäginde öndüriler. Öndürilen ulag serişdeleriniň dünýä ülňülerine laýyklykda synaglary hem şol ýerde geçiriler. Saud Arabystanynyň öndüren ilkinji elektromobilleri eýýäm 2025-nji ýylda satuwa çykarylar.