Şu gün – 7-nji noýabrda 120-den gowrak dünýä Liderleriniň gatnaşmagynda Bütindünýä howa sammiti Müsüriň Şarm-eş-Şeýh şäherinde açyldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň (COP-27) 27-nji maslahatynyň başlygy hökmünde Müsür ösýän ýurtlaryň meselelerine we zerurlyklaryna aýratyn üns bermegi maksat edinýär.

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi, COP27 maslahatyna gatnaşyjylaryna ýüzlenmesinde “dünýä hakykatdanam çydamlylygyny güýçlendirmek we uýgunlaşmak ukybyny ýokarlandyrmak isleýän bolsa, ähli ýurtlar gyssagly hereket etmegi zerur” diýip belleýär. Prezidentiň ýüzlenmesinde “Bu sammit Afrikanyň we dünýäniň abadançyulygy üçin howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreş boýunça halkara tagallalarynda düýpli öwrülişik bolar” diýip umyt bildirilýär.

18-nji noýabra çenli dowam etjek maslahata Şarm el-Şeýhe dürli ýurtlardan 40 müňe golaý delegat, döwlete degişli däl guramalaryň wekilleri, bilermenler we žurnalistler geldi. COP26-nyň prezidenti Alok Şarma dabarada eden çykyşynda başlyklygy Müsüriň daşary işler ministri Samih Şukrä geçirýändigini belläp, howanyň üýtgemeginde hereketsizligiň agyr netijelerini belläp, bu ugurda aýgytly hereketleriň zerurdygyny aýtdy.

Şu günlerde Şarm eş-Şeýhde COP27-niň temasy bilen baglanyşykly köp sanly çäreler geçiriler. Olardan iň möhümi, dünýä liderleriniň sammiti bolup, iki günüň içinde – 7-nji we 8-nji noýabrda – döwlet we hökümet Baştutanlarynyň “milli ýüzlenmeleri” bolar. Olar öz çykyşlarynda öz ýurtlarynyň häzirki ekologiýa ýagdaýy, baýlyklary tygşytlamak, azyk howpsuzlygy, tebigy betbagtçylyklardan goranmak, “ýaşyl” energiýa, şeýle-de, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak babatda garyp ýurtlara gönükdirilýän maliýe goldawlary baradaky garaýyşlaryny beýan ederler.

Ýewropa liderlerinden Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Rişi Sunak, Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols, Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandar Wuçiç, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron gatnaşýar. Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň wekiliýetine, Alžiriň Prezidenti Abdelmajid Tebbun, Iordaniýanyň Patyşasy Abddalla II, Yragyň Prezidenti Abdel Latif Raşid, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Muhammet bin Zaýed Al-Nahaýýan, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas we Saud Arabystanynyň mitasdüşer şazadasy Muhammet bin Salman Al-Saud ýolbaşçylyk edýär.

Maslahata gatnaşyjylaryň öňünde durýan esasy meseleleriň biri hem maliýe meseleleri bolup durýar. Ösen ýurtlar maliýe we energiýa çökgünliklerinde ösýän ýurtlaryň howasynyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreş boýunça goldaw bermek üçin ýylda 100 milliard dollar wadasyny nädip berjaý etmelidigini çözmeli bolarlar. Mundan başga-da maslahatyň esasy gün tertibine ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly çäreleri işläp düzmek ýaly meseleler girýär.

Ilkinji Bütindünýä howa sammiti 1995-nji ýylda Berlinde geçirildi we şondan bäri her ýyl geçirilýär. Bu maslahat adatça, Afrika, Aziýa, Latyn Amerika we Karib deňzi we Ýewropa sebitiniň bir şäherinde geçirilýär.