7-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Luny kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň netijelilik, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz şu günki duşuşygyň dowamynda däp bolan dostlukly türkmen-amerikan dialogyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi bermegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige şatdygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda şu ýyl Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolandygy bellenildi. Köp ýyllaryň dowamynda toplanan özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi döwletara hyzmatdaşlygyň binýady bolup durýar. Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde durnukly ösüşi hem-de ählumumy abadançylygy gazanmak maksady bilen, köpugurly hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýändikleri bellenildi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplyk hukuk derejesi iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň dünýäde özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýandygy nygtaldy.

Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ähmiýetli orny aýratyn bellenildi. Bu geňeş bilelikdäki forumlary, sergileri, duşuşyklary we beýleki ugurdaş çäreleri geçirmäge işjeň gatnaşýar. Bularyň ählisi ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna, iki ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň, maýa goýum işiniň höweslendirilmegine ýardam berýär.

Türkmenistanyň yzygiderli amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasaty, öňdengörüjilikli ykdysady strategiýasy, ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar hem-de ABŞ we beýleki daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin geljegi uly türkmen bazarynyň özüneçekijiligini artdyrýar.

Medeniýet, ylym, bilim, tehnologiýalar ulgamlaryndaky özara gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Bu ugurlarda dürli çäreler guralýar, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek we gorap saklamak boýunça bilelikdäki taslamalar amala aşyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ekologiýa, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Lu däp bolan türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň taraplaryň hoşniýetli erki esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.