Ýaponiýanyň elektron enjamlaryny öndürýän “Sony Group” kompaniýasy maliýe ýylynyň alty aýynda 482,1 milliard ýen (3,25 milliard dollar) arassa peýda gazanypdyr. Şeýlelikde, aprel-sentýabr aýlaryny öz içine alýan ýarym ýylyň dowamynda arassa peýdasy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 13,5 göterim artypdyr. Bu döwürde kompaniýanyň satuwy 9,4 göterim artyp, 5,06 trillion ýene (34,3 milliard dollar) ýetipdir.

Mundan ozal kompaniýa geljek ýylyň mart aýynda tamamlanjak maliýe ýylynda mundan ozal 800 milliard ýenlik arassa peýda gazanyljakdygy çaklanylypdy. Indi bolsa, bu görkezijiniň 840 milliard ýen (5,69 milliard dollar) boljakdygy bellenildi.

Suraý Geldiýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby