Bütindünýä Söwda Guramasynyň taýýarlan ýyllyk hasabatnamasynda howanyň üýtgemegi we halkara söwda bilen bagly maglumatlar berildi. Çaklamalara görä, 2030-njy ýyla çenli arassa energiýa bilen baglanyşykly pudaklarda 30 million täze iş ornunyň emele geljekdigi aýdylýar. Hasabatnamada söwdanyň az uglerodly ykdysadyýete geçen ýagdaýynda täze iş orunlarynyň hem dörejekdigi bellenildi. Bellenilişine görä, aşa yssy howanyň, deňiz derejesiniň ýokarlanmagynyň we garaşylmadyk howa hadysalarynyň önümçilik meselelerine we üpjünçiligiň kesilmegine sebäp bolýar. Howa goýberilýän gazyň mukdaryny azaldylmadyk ýagdaýynda, käbir ýerlerde oba hojalygy, syýahatçylyk we önümçilik babatda bäsdeşlik artykmaçlygy üýtgär. Söwda pes uglerodly döwre we “ýaşyl” ykdysadyýete geçmegi çaltlandyryp biler.
Maglumatda soňky ýyllarda Gün we ýel energiýasynyň önümçiliginiň bahasynyň görnetin azalandygy mälim edildi. Köp ýerde energiýany ýerasty gorlardan däl-de, arassa çeşmelerden almak has arzan düşýär. Bu bolsa, howa goýberilýän zyýanly gazlaryň azalmagyna getirýär.
Oraz Ilamanow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF









