Meşhur rus aýdymçysy Sergeý Lazarew, Moskwada özüniň 40 ýaşynyň dolmagyna bagyşlanan “Men gorkamok!” atly sahnalaşdyrylan täze aýdym-sazly çykyşyny hödürledi. Onuň özboluşly 3D mýuzikli – aýdym sazly sahnalaşdyrylan çykyşynyň premýerasy Russiýanyň paýtagtyndaky “Crocus City Hall” konsert zalynda guraldy.
Aýdymçynyň “Men gorkamok!” atly aýdym-sazly çykyşynyň ady ýakyn günlerde köp dillerde ýaňlanar. Golaý gelen 2023-nji ýylda onuň konsert gezelenji başlar. Şou programmasyny alyp barýan bu aýdymçy GDA ýurtlarynda we Russiýanyň dürli şäherlerinde gostrolda bolar.
Täze taslama “Lazarew” tärinde işlenip düzülip, onuň özboluşly golografik çykyşy, konsert meýdançasyny wirtiwal äleme öwürýär. Äpet ekranda görkezilýän filmden, sahnadaky çykyşdan hem-de zaldaky interaktiw dünýäden köp sanly dünýä emele gelýär. Ajaýypdan zyba effektler bilen utgaşýan aýdym-sazly çykyşlar tomaşaçylary hyýaly dünýäniň jümmüşine atarýar.
Sergeý Lazarew öz maksatnamalaryny taýýarlamak üçin elmydama iň oňat halkara toparlaryna we daşary ýurtly horeograflara ýüz tutýar. Ol adatça, öz pikirlerini diňe öz serişdeleriniň hasabyna durmuşa geçirýär – artist her gezek girdejilerini artdyryp, ony ýene-de ösüşe gönükdirýär.
Täze şou üçin 100-den gowrak täze egin-eşik taýýarlandy. Lazarew olary geýip, aýdym aýdar, perwaz urar, aşak düşüp, tans eder. Onuň ýerine ýetirjek her bir keşbinde belli bir düşünje bolup, maksatnamadaky her bir jikme-jiklikler sünnälenip işlenip düzülipdir.
Sergeý Lazarew köpçüligiň halaýan we rus şou-biznesinde iň köp gostrolda çykyş edýän sungat işgärlerinden biridir. Elmydama diňe janly sesi bilen çykyş edip, özüniň aýdym-sazlary bilen dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan ynsanlary bir-birine golaýlaşdyrýar.
Ol iki gezek biziň ýurdumyzda bolup, iň soňky gezek 2019-njy ýylda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen uly gala konsertine gatnaşyp, çykyş etdi.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Oguljeren Bakaşowa, Etrek etrap çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy