Şu gün 10-njy noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2022» atly XV halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady.
Her ýyl ýurdumyzyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamynda ýetilen üstünlikleri görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2022» atly XV halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär.
«Türkmentel – 2022» sebit boýunça maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamyndaky iň uly çäreleriň biri bolup, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar we telekommunikasiýa ugry boýunça täze üstünlikleri, tejribeleri we pikirleri ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligini berýär.
Halkara sergisiniň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly we ýerli işewürler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we köp sanly aşgabatlylar gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynda paýtagtymyzyň döredijilik toparlarynyň ýaýbaňlandyran aýdym-sazly çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Halkara sergi we ylmy maslahat mynasybetli iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda biz dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň tejribesine we innowasiýalara daýanyp, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrýarys, ýurdumyzy durmuş taýdan ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Sanly tehnologiýalaryň gurluşyny, maddy-tehniki, hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri we iri taslamalary durmuşa geçirýäris. Häzirki wagtda milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary, maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze görnüşini döretmek we ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurdan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerine hem uly üns berilýär. Aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge, olary döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär diýlip bellenilýär.
Gözden geçirilişe ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümleriniň 36-synyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň 20-den gowragynyň wekilleri gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda maglumat tehnologiýalary bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän «Nokia», «Huawei», «Thales Alenia Space», «Delta Telecom Ltd», «Rostelecom», «Eastwind», «Azertelecom» ýaly ýöriteleşdirilen kompaniýalar bar. Olar sergi diwarlyklarynda öz mümkinçilikleri, öndürýän önümleri we hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşdyrýarlar.
«Türkmentel — 2022» sergisine gelen myhmanlar ýakyn wagtda Türkmenistanda ornaşdyrylyp bilinjek iň täze, uly gyzyklanma bildirilýän tehnologiýalar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Şeýle-de, sergi zalynda ykdysadyýet we telelekeçilik üçin täze mümkinçilikler açýan täze aragatnaşyk tehnologiýalary we taslamalary görkezilýär.
Halkara foruma daşary döwletleriň alymlary, bilermenleri hem-de işewürleri sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Maslahatyň maksatnamasy halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny, taslamalaryny ýurdumyzyň maglumat-telekommunikasiýa ulgamyna çekmek, kosmos tehnologiýalary, sarp edijileri ygtybarly hem ýokary hilli hyzmatlar bilen üpjün etmek, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak ýaly meseleleri öz içine alýar. Öňde goýlan wezipelere ýetmek, innowasion-programma üpjünçiligini, startaplary işläp taýýarlamak hem-de ornaşdyrmak bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen, nobatdaky “Sanly çözgüt — 2022” bäsleşiginiň jemleri jemlener. Bu bäsleşige ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we hünärmenleri gatnaşyp, öz taýýarlan 240-dan gowrak taslamasyny hödürlediler. Onuň ýeňijileri diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.
Sergi ertir öz işini tamamlar.