Kuba bilen ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri Kubadaky konsullyk we wiza hyzmatlarynyň giňeldilmegi üçin Gawanada gepleşik geçirdiler. Soňky wagtlarda iki ýurduň arasynda bu mesele boýunça gepleşikler geçirilýärdi. ABŞ-na ýurduň Daşary işler ministrliginiň konsullyk meselelerinden jogapkär orunbasary Rena Bitter hem-de ABŞ-nyň Raýatlyk we migrasiýa hyzmatlary boýunça direktory Ur Mendoza Jaddu wekilçilik etdi.
Iki ýurduň arasynda 2023-nji ýylyň ýanwaryndan wiza hyzmatlarynyň ýola goýuljakdygy mälim edildi.