“Apple” kompaniýasy iOS platformasyndaky köp wagtdan bäri täzelenmedik programmalary aýyrmagyny dowam edýär. Şu ýylyň birinji çärýeginde hili gorap saklamak maksady bilen “App Store”-dan 540 müň programma aýryldy. Şeýlelikde, mobil dükandaky programma sany hem iň az derejä ýetdi. “Finbold” şereketi tarapyndan ýaýradylan soňky maglumatlara görä, “App Store”-daky mobil goşundy sany 1 million 642 müň 759 bolupdyr. “App Store”-daky mobil goşundy sany mundan ozal 2015-nji ýylyň üçünji çärýeginde 1 million 672 müň 271 bolupdy.
“Google”-yň “Play Store” dükanynda bolsa 3 million 553 müň 50 sany mobil goşundynyň bardygy mälim edildi. “Amazon Appstore”-da bolsa, 483 müň 328 applikasiýa bar.
Atamämmet Magtumow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF








