Ýylylyk “galkanyny” uçurar

117

ABŞ-nyň Aerokosmos edarasy (NASA) adamlaryň Marsa syýahatyny aňsatlaşdyrmak üçin kosmosa ýylylyk “galkanyny” uçurar. “Çişirip bolýan togtadyjy” (LOFTID) atly bu enjam kosmosa iberilenden soňra çişiriler. Enjam Marsyň atmosferasyna gireninde we çykanynda sürtülmegi azaldar. Geljekde adamlar Marsa gonmaly bolanlarynda, Gyzyl planetanyň atmosferasyna girjek gäminiň tizligi ýeterlik derejede azaldylmaly bolar. 2021-nji ýylda NASA-nyň “Perseverance” atly marsahody Marsa gondurylanda ýönekeý paraşýut ulanylypdy. Emma içinde adam bolan has uly gämini bu planeta gondurmak beýle aňsat bolmaz. Bu synagyň şowly bolan ýagdaýynda Marsa adamly syýahatyň ýakyn geljekde başlanmagyna garaşylýar.

Baýgeldi Aýdogdyýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby