12-nji noýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda Türkmenistanyň at gazanan artisti, režissýor Gülälek Akmyradowanyň sahnalaşdyran “Wah, siz aýallar…” atly komediýa spektaklynyň premýerasy boldy. Ýurdumyzyň sungat işgärleri, teatr muşdaklary we ýaşlar täze spektaklyň tomaşaçylary boldular.
Dramaturg Taňryberdi Hojakgaýewiň “Dawa gök eşekden başlady” atly komediýa pýesasyna esaslanan sahna oýnundaky wakalar geçen asyryň 80-nji ýyllarynda çeträk obalaryň birinde goňşy oturan agaly-ininiň agzybir maşgalasynda bolup geçýär. Sahna oýnunyň başynda agaly-ininiň öz aýallaryna erkekleriň işine goşulyşmazlygy towakga edip, uly agasynyň “Agzybirlik diýen zat diňe iki erkek doganyň yhlasy bilen saklanýandyr, şolaryň arasyndan gyl geçmeli däldir. Aýallaryň bu öýüň agzybirliginde orny ýokdur” diýen sözleri aýallaryň degnasyna degýär. Şonda maşgalanyň sazlaşykly durmuşy bary-ýogy ýekeje jümle bilen bulam-bujar bolýar. Netijede, göwnüne deglen zenanlar ärlerine mazalyja sapak bermek maksady bilen “bir çukura tüýkürýärler”. Şeýlelikde, sahnanyň aňyrsynda wagtal-wagtal aňňyrýan gök eşek sebäpli iki öýüň agzybirligi öz ornuny dawa-jenjel bilen çalyşýar.
Elbetde, bu sahna oýnunda aga-ini gatnaşyklarynda iki eltiniň maşgala agzybirligini goramakdaky çynlakaý orny sahna oýnunyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Baş keşpleri ýerine ýetiren artistler köpleriň göwnünden turup, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldular. Spektaklda Arslanyň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Haýytmyrat Durdyýew, uly eltiniň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Ejebaý Kasymowa, Gaplaňyň keşbini Azat Didarow, kiçi eltiniň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşat Tahyrowa ýerine ýetirdi. Sahnanyň dowamynda Şatlyk Gurbannnazarowyň hem-de Bally Hajyýewiň aýdymlarynyň ýaňlanmagy, artistleriň egin-eşikleriniň öz döwrüne mahsus bolmagy tomaşaçylaryň hakydasyny geçen günlere atardy.
Spektaklda köp gyzykly, özboluşly we gülkünç pursatlar döredilipdir. Duýgy babatda şowly çykan bu oýunda aktýorlaryň keşpleri ýeňillik bilen ýerine ýetirip, sahnada özlerini erkin alyp baryşlary ýiti täsir galdyrýar. Muny sahna oýnuny uly höwes bilen synlan tomaşaçylar hem bellediler. Oýny görüp bolanyňdan soň, öz ýakynlaryňa jaň etmek üçin ýan telefonyňa eliňi ýetireniňi bilmän galýarsyň.
Taňryberdi Hojakgaýewiň tarapyndan ýazylan bu pýesa dramaturgyň döredijilik mirasynyň iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Sahnadaky wakalaryň 80-nji ýyllarda bolup geçendigine garamazdan, şu günki günde hem öz ähmiýetini ýitirmeýär. Spektaklda gozgalýan meseleler çynlakaý häsiýete eýe bolup, sahna oýnuny görüp bolanyňdan soň, zenan mertebesiniň belentligi hakda oýa batýarsyň.
-Biz oýundaky wakalary aýnadan gören ýaly aýdyň beýan etmäge – zenanlary nädip söýmelidigini, olara biparh bolmaly däldigini ýüze çykarmaga tagalla etdik. Ýönekeý we öňünden netijesini çak edip boljak komediýadan gizlin many we çuň pelsepe gözlemegiň geregi ýok. Onda diňe öňden gelýän adaty adamzat gymmatlyklary – maşgala, söýgi, birek-birege hormat, ýaşamagyň, geplemegiň we diňlenilmegiň bagty aýdyňlaşdyrylýar. Bu wakalar bolmasa zenan dünýäsi açylman galýar. Iň möhüm netijäni bolsa, tomaşaçylaryň özüne galdyrýarys. Bu ýönekeý, ýöne çuňňur wakadan her kim özüne gerekli zady görüp başarar diýip umyt edýäris – diýip, spektaklyň režissýory Gülälek Akmyradowa belledi.
“Wah, siz aýallar…” sahna oýnunyň Baş drama teatrynyň repertuarynyň üstüni ýetirjekdigine, tomaşaçylaryň, esasan hem, zenanlaryň söýgüli komediýalarynyň birine öwrüljekdigine şübhe bolup bilmez. Täze goýlan sahna eseriniň ahyrynda sarsgyn döredýän tragikomediýadan soň, agzybir maşgalanyň durmuşynda bolup geçen düşünişmezlikleriň, näsazlyklaryň ählisiniň diňe düýşde bolup geçendigine göz ýetirip, biygtyýar ýylgyranyňy duýman galýarsyň.
Sumbar Alyşirow, “Zaman-Türkmenistan”