Hünärmenler elektroulag batareýasynyň önümçiliginde agaç ulandylar. Täze usulyň batareýalara zarýad bermegiň wagtyny ep-esli derejede azaldar. Bu açyş agaçlaryň 30 göteriminiň düzüminde bar bolan organiki polimer hasaplanýan “lignin” atly material arkaly amala aşyryldy. Şwed-Finland tokaýçylyk kompaniýasy “Stora Enso”-nyň hünärmenleri kagyz öndürýän zawodlarda emele gelýän galyndy bolan ligniniň litiý-ion batareýalardaky grafit anotyň deregine ulanylyp bilinjekdigini anykladylar. Hünärmenler geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde lignin gaty ugleroda öwrülip, arzan bahaly, ýokary netije berýän anot döretmegi başardylar.
Bilermenler baha babatda täze önümiň bäsdeşlige örän ukyply boljakdygyny, emma has tolgundyryjy zadyň netijelilik boljakdygyny belleýärler. Häzirki batareýalaryň 20 minutda zarýad laýna görnüşini işläp taýýarlamak örän gymmada düşýär. Täze batareýa bolsa, 8 minutda zarýad alyp biler.
Şeýle hem ligniniň dünýäde ummasyz mukdary bolup, sellýulozadan soňky iň köp gory bolan biologik çig mal hasaplanýar.
Mundan ozal koreý bilermenleri hem lignini batareýa öndürmekde ulanmak üçin ylmy barlaglary geçiripdiler.
“Stora Enso” golaýda Norwegiýanyň energiýa saklaýan şereketleriniň biri bilen ylalaşyk gazandy. Taraplar 2025-nji ýyla çenli anotlaryň täjirçilik maksatly öndürýän ilkinji zawodyny gurmagy meýilleşdirýärler. Bu taslama başa baranda, täze açyş agaçdan alnan himiki birleşme bilen batareýa önümçiligini ýola goýarlar.
Azada Ýuldaşowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby