Şotlandiýanyň “AWS Energy” kompaniýasy tolkundan energiýa alýan deňiz bekediniň nusgalyk görnüşiniň ilkinji synagynyň tamamlanandygyny habar berdi. Deňiz tolkunlarynyň hereketinden elektrik energiýasyny öndürmek üçin Atlantik ummanynda, Orkni adalarynyň golaýyndaky Ýewropa deňiz energiýasy merkeziniň okuw meýdançasynda alty aý iş edildi. Bu ulgamyň ortaça öndürijiligi deslapky hasaplanandan 20% ýokary boldy. Tolkun elektrik stansiýasy iki sany bölekden ybarat bolup, labyrly bölegi enjamyň belli bir ýerde durmagyny üpjün edýän bolsa, suwuň ýüzündäki bölegi tolkunyň emele getirýän yrgyldysyndan elektrik energiýasyny almaga mümkinçilik berýär. Bu ulgam tolkunyň hereketi bilen döredilen howa basyşy arkaly işleýär. Ýönekeý gidrawlik hereketlendiriji enjamy herekete getirip, generatory aýlaýar. Elektrik stansiýasynyň beýikligi 7 metre, diametri 4 metre ýetýär. Geçirilen synagda bu suwüsti beket arkaly ortaça tolkundan ortaça 10 kWt elektrik energiýasyny öndürip boldy. Şeýle-de bolsa, iň ýokary görkezijiniň 80 kWt bolandygy mälim edildi. Şeýle elektrik stansiýasyny gurnamak üçin bary-ýogy 12 sagadyň ýeterlikdigi, tehniki hyzmaty o diýen köp talap etmeýändigi, deňiz suwuna ýaramaz täsirini ýokdugy habar berildi.
Taňyrberdi Hallyýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy
PDF









