11-nji noýabr “Energiýa we onuň gorlaryny ulanmak boýunça mekdep taslamasy” (SPARE) Halkara ekologiýa ulgamynyň başlangyjy bilen Energiýany tygşytlamagyň halkara güni diýlip yglan edildi. Bu senäni döretmek baradaky karar 2008-nji ýylyň aprelinde Gazagystanda geçirilen SPARE utgaşdyryjylarynyň halkara ýygnagynda kabul edildi. 2008-nji ýylyň noýabr aýynda bolsa dünýäde ilkinji Energiýany tygşytlamagyň güni bellendi. Bu baýramçylyk 20-ä golaý ýurduň bu taslama gatnaşmak isleýänligi sebäpli halkara derejesini aldy. Baýramçylygyň esasy maksady, serişdeleri tygşytly peýdalanmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek üçin häkimiýetleriň we jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekmekdir. Energiýany tygşytlamak daşky gurşawyň hapalanmagyny azaldar. Galyberse-de, energiýa köplenç gazylyp alynýan ýangyçlary (kömür, nebit önümleri, gaz, torf) ýakmak arkaly alynýar. Şol bir wagtyň özünde daşky gurşawa zeper ýetýär: gaýtadan dikeldip bolmaýan tebigy baýlyklar tükenýär, hapalaýjy maddalar we ýyladyşhana  gazlary ýakylanda howanyň düzümi zaýalanýar. Şonuň üçin energiýany netijeli ulanmak örän möhümdir we ykdysady taýdan peýdalydyr. Energiýa çeşmelerini tygşytlamak çäreleri, täze alnan energiýany sarp edijiler üçin öndürmekden we üpjün etmekden 2,5-3 esse arzan. Şeýle-de iň ýönekeý we başlangyç energiýa tygşytlaýyş çäreleri hemmeler üçin elýeterlidir we gündelik durmuşda hemme ýerde diýen ýaly ulanylyp bilner. Energiýany tygşytlamagyň halkara gününde, bu baýramçylygy belleýän ähli ýurtlarda, energiýa tygşytlamagyň usullary we bar bolan täzelenýän energiýa çeşmeleri barada maglumat bermek, energiýany tygşytlamagyň näme üçin möhümdigini ýaýratmak üçin dünýäniň köp şäherlerinde tematiki konferensiýalar, sergiler we çäreler geçirilýär, bilim edaralarynda energiýany tygşytlamak temasy boýunça sapaklar geçirilýär.

Çaryguly JAMMAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň  mugallymy