Angliýanyň 7-nji ligasynyň wekili “Eşton Ýunaýted” topary “Mançester Sitiniň” super ýyldyzy, norwegiýaly hüjümçi Erling Holanny kärendesine düzümine geçirmek üçin teklip etdi. Topar Dünýä Kubogynyň geçirilýän günlerinde, ýagny 28 günlük Holanny kärendesine almak üçin “Mançester Sitä” teklip bilen ýüzlendi. Ýeri gelende aýtsak, Erling Holann Norwegiýanyň Dünýä Kubogyna gatnaşmaýandygy sebäpli bu halkara ýaryşyň daşynda galjak ýyldyzlaryň biridir. Bu teklip bilen baglanyşykly “Eşton Ýunaýtediň” tälimçisi Maýkl Klegg şeýle diýýär: “Aslynda bu diýseň manyly teklip. Siti şol döwürde hiç hili duşuşyk geçirenok. Bize bolsa Holannyň kömegi bolsa has gowy bolardy. 6 hepde golaý wagty golf oýnap geçireninden futbol oýnany has gowy dälmi näme?!”
“Mançester Sitiniň” bu teklibe nähili jogap berjekdigi näbelli bolup, köpler klubuň teklip bilen ylalaşmagyna garaşanok.
Erlin Holann “Premier Ligada” 13 oýunda 18 gol geçirip, 3 goluň hem pasyny berdi.