Golaýda ýurdumyza Russiýa Federasiýasynyň «Brýansk maşyngurluşyk zawody dolandyryş kärhanasy» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglanyşylan şertnama laýyklykda, bäş sany ýük otlularynyň teplowozlary gelip gowuşdy. Bu teplowozlar ýük çekijilik kuwwaty bilen aýratyn tapawutlylyga eýedir.

Ýurdumyzda her bir şanly wakany mynasyp derejede garşylamak durmuşymyzyň ýol-ýörelgesi bolup durýar. Täze gelen teplowozlary garşylamak üçin hormatly ýaşulular, nurana eneler hem-de ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary Aşgabadyň demirýol menziline ýygnandylar.

Teplowozlaryň gelip gowuşmagy iki dostlukly ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň nobatdaky nyşanyna öwrüldi.