15-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus tarapynyň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny aýdyp, ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de geljek üçin meýilnamalar bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki netijeli, ynanyşykly dialog türkmen-rus hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň kesgitleýji şertidir. Şu ýyl Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslendi. Şol ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde depginli ösdürildi.
Şeýle hem parlamentleriň ugry boýunça gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi sapary bu gatnaşyklary pugtalandyrmakda we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda möhüm tapgyr boldy.
Duşuşygyň dowamynda netijeli häsiýete eýe bolan söwda-ykdysady we ylmy-tehniki ulgamlardaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Soňky ýyllarda özara haryt dolanyşygynyň depginli ösýändigi bellenildi. Nebitgaz, senagat, ulag, logistika, söwda we birnäçe beýleki pudaklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara türkmen-rus toparyna aýratyn orun berilýär. Toparyň işi ykdysady hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny durmuşa geçirmäge hem-de dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam bermäge, telekeçilik we maýa goýum işini höweslendirmäge, bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilendir. Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada şu gezekki saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de onuň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk ozaldan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we köpýyllyk tejribä esaslanýan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.