Ame­ri­ka­ly pop ýyl­dy­zy Teý­lor Swift Ger­ma­ni­ýa­nyň Dus­sel­dorf şä­he­rin­de ge­çi­ri­len MTV Ýew­ro­pa aý­dym-saz bäs­le­şi­gin­de dört baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. Swift hem-de Här­ri Staýl­zyň her­si 7 ugur­dan da­laş­gär gör­ke­zil­di. Soň­ky ýyl­la­ryň iň ha­lan­ýan aý­dym­çy­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Swift iň go­wy aý­dym­çy, iň go­wy pop, iň go­wy klip we iň uzyn for­mat­ly wi­deo ugur­la­ryn­dan baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. Hä­zir­ki wagt­da owa­dan ze­na­nyň tä­ze “Mid­nights” al­bo­myn­da­ky “An­ti-He­ro” at­ly aý­dy­my iň köp diň­le­nil­ýän aý­dym­la­ryň ara­syn­da öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Da­ba­ra Swif­tiň özi gat­na­şyp baý­rak­la­ry­ny al­dy.
Da­ba­ra­nyň açy­ly­şyn­da Da­wid Get­ta we Bi­bi Rek­sa­nyň iň go­wy aý­dy­şyk ug­ry bo­ýun­ça da­laş­gär gör­ke­zi­len “I’m Go­od (Blue)” aý­dy­my ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Da­ba­ra gat­naş­ma­dyk Ni­ki Mi­naž 3 ugur­dan baý­rak al­dy. Maý aýyn­da ge­çi­ri­len Ýew­ro­wi­de­ni­ýe aý­dym-saz bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­si uk­rai­na­ly Ka­luş Or­kest­ra to­pa­ry hem çy­kyş et­di.