Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Daýanç” sagaldyş merkezinde, Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň agzalary, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, gaznaçylary we işewürleri bilen “Täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiz – ösüşlere beslenýär aýdyň ýolumyz” atly okuw maslahaty geçirildi. 14-18-nji noýabr aralygynda geçirilen okuw maslahatynyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň ösmegi ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerini halkymyza mynasyp wagyz etmekden ybarat bolup durýar.
Okuw maslahatynda degişli ulgamlaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, gaznaçylary, geňeş agzalary, derňew toparynyň agzalary we habar beriş serişdeleriniñ habarçylary çykyş etdiler. Olaryň zähmetkeşleriň hukuklary, maliýe syýasaty, işgärlere oňaýly iş şertlerini döretmek we maddy taýdan kömek bermek hakynda gyzykly çykyşlary diňlenildi. Mundan başga-da, okuw maslahatynyň dowamynda kärdeşler arkalaşyklarynyñ işini döwrebap kämilleşdirmek bilen bagly pikir alşyldy.
Soňra sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler, aýdym-sazly medeni-dynç alyş çäreleri we Awazanyň gözel ýerlerine gezelenç guraldy.