Singapurda orhideýa gülüniň täze görnüşine Germaniýanyň Kansleri Olaf Şolsuň ady dakyldy. Bu barada Germaniýanyň Kansleriniň ýurduň Premýer-ministri Li Sianlun bilen geçirilen resmi duşuşygynda habar berildi.

Dabaranyň düzgünlerine laýyklykda, Şols öz eli bilen täze gül görnüşiniň gapdalynda ady ýazylan tabliçkany goýdy.

-Dogrusyny aýtsam, ösümligiň öz hormatyma atlandyrylmagy üçin syýasatçy bolmandym, emma, bu meniň üçin uly hormatdyr – diýip, nemes Kansleri belledi.

Ýatlap geçsek, golaýda Olaf Şols nemes biznesi boýunça Aziýa-Ýuwaş umman işewürler konferensiýasyna gatnaşypdy.