Miweli agaçlaryň tiz hasyla durmagyny üpjün etmek maksady bilen olaryň artykmaç şahalaryny her ýylda kesmek we timarlamak işi geçirilýär. Timarlamak işleri geçirilende ilki bilen guran, döwlen, tehnikanyň işlemegine päsgel berýän, kesellän şahalar kesilip aýrylýar. Ondan soň beýleki şahalar kesilip, timarlanýar. Miweli agaçlary kesmek we timarlamak çäreleri gyş aýlary ýerine ýetirilýän, el zähmetini köp talap edýän iň jogapkärli işdir. Bu iş howanyň ýylylygy 6-10 0C bolanda dekabryň 15-nden fewralyň 26-28-ne çenli geçirilýär. Daşoguz welaýatynda we Lebap welaýatynyň demirgazygynda fewralyň 20-den martyň 20-ne çenli ýaş agaçlary timarlamak üçin amatly döwürdir. Birinji nobatda, ýazyň başlarynda güllemäge başlaýan ülje, erik, şetdaly kesilmeli we timarlanmaly. Miweli agaçlar iki usulda kesilýär, ýagny geçen ýylky birýyllyk baldaklary gysgaldylýar we sütüne ýakyn ýerleşen, çolaşyp ösýän baldaklary düýbünden kesilip selçeňlendirilýär. Miweli agaçlaryň sütünine ýagtylyk we howa erkin aralaşar ýaly, hasyl şahalary agajyň boýuna we töweregine endigan ýerleşmeli. Miweli agajyň gabarasy bol hasyly söýgetsiz göterip biler ýaly, agajyň esasy sütüni bilen mäkäm birleşmeli. Miweli baglaryň köp görnüşleri sütüninden we kökünden ösüntgileri çykarýarlar. Olar öz wagtynda aýrylmasa, belli bir derejede hasylyň peselmegine getirýär. Şonuň üçin, baglaryň sütüninden we kökünden çykýan ösüntgileri yzygiderli maý-sentýabr aýlarynyň dowamynda aýryp durmaly. Olar miweli baglary ösüşden galdyrýarlar we hasylynyň peselmegine alyp barýarlar.
Gunça NAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy
PDF









