Amerikan işewüri Ilon Mask “Tesla” kompaniýasynyň baş direktorynyň wezipesine bellenjek mümkin bolan dalaşgäri kesgitledi. Bu barada korporasiýanyň direktorlar geňeşiniň agzasy Jeýms Merdokyň beýannamasyna salgylanyp, “Reuters” agentligi habar berýär.

Merdokyň sözlerine görä, Mask öz mümkin bolan oruntutaryny “birnäçe aý mundan öň” saýlapdyr. Kompaniýanyň täze bellenjek baş direktorynyň şahsyýeti aýan edilmeýär.

“Tesla” korporasiýasy 2003-nji ýylda Mask tarapyndan esaslandyryldy. Onuň ştab kwartirasy Tehas ştatynyň Ostin şäherinde ýerleşýär. Ilkibada firma diňe elektroulaglary öndürmeklige ýöriteleşdirilip, soňra Gün batareýalaryny döretmek bilen hem meşgullanyp başlaýar.