18-nji noýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine meýilleşdirilen resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, 1995-nji ýylyň oktýabrynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellenildi. Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hökümet we daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklar ýola goýuldy. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. Şunda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki topara möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda Abu-Dabiniň ösüş gaznasy we BAE-niň beýleki maliýe düzümleri bilen bilelikde maýa goýum taslamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ynsanperwer ulgamdaky, bilim, ylym we medeniýet ugurlaryndaky gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hormatly Prezidentimiziň öňümizdäki resmi saparynyň maksatnamasy hödürlenildi. Saparyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyna pugta ygrarlydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belläp, Birleşen Arap Emirlikleri bilen döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady. Uly kuwwatyň bolmagy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýum işini, işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.
Ýokary derejede geçiriljek gepleşikler häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we uzak möhletleýin geljegi nazara almak arkaly Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, döwletara gatnaşyklary täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapara taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.