Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) we Müsür, COP27 howa sammitinde umumy kuwwaty 10 gigawat bolan ýel elektrik bekedi toplumyny gurmak barada ylalaşyk gazandylar.
Müsürde ýel energigiýa parkynyň gurluşygyny Müsüriň “Hasan Allam Utilities” guramasy bilen şertnama baglaşan BAE-niň “Masdar” energiýa kompaniýasy amala aşyrar.
Elektrik stansiýasy ýylda 47,790 gigawat sagat arassa energiýa öndürer we 23,8 million tonna kömürturşy gazynyň çykmagynyň öňüni alyp biler. Bu bolsa, Müsüriň CO2 zyňyndylarynyň, takmynan, 9%-ine deňdir.
Şol bir wagtyň özünde, şeýle ýel bekedi Müsüriň ýyllyk gaz çykdajylaryndan ugur alyp, takmynan, 5 milliard dollar tygşytlap biler. Ýene-de bir oňyn tarapy birnäçe müň iş orunlarynyň döredilmegi bolar.
-Dünýädäki iň uly ýel parklarynyň biri bolan bu 10 GWt kuwwatlykly megataslamanyň gerimi, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Müsür Respublikasynyň gaýtadan dikeldilýän energiýa islegleriniň subutnamasydyr we arassa energiýada dünýä lideri hökmünde Masdaryň derejesini görkezýär – diýip, BAE-niň senagat we ösen tehnologiýa ministri we Masdaryň geňeşiniň başlygy Soltan Ahmed Al-Jaber aýtdy.
Häzirki wagtda ýel parklary dünýäde barha giňden ýaýran energiýa çeşmesine öwrülýär. Şeýlelikde, bu güýz Ýewropada birnäçe uly deňiz ýel energiýasy taslamasy işe girizildi.