18-nji noýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde  Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ylymly-bilimli, maksada okgunly, zähmetsöýer, Watana wepaly türkmen ýaşlaryny terbiýelemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek, wagyz-düşündiriş işlerini güýçlendirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda “Arkadagly ýaşlar” atly elektron žurnaly döretmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwrebap sanly tehnologiýalary giňden ulanmagyň döwletimizi we jemgyýetimizi okgunly ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryny hem-de wezipelerini ýerine ýetirmegiň üstünliklerini kesgitleýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz täze elektron neşiriň döredilmeginiň wajypdygyny we derwaýysdygyny belläp, onuň örän gyzykly, çuň manyly bolmalydygyny, zehinli türkmen ýaşlarynyň geçirýän ylmy barlaglarynyň hem-de innowasion işläp taýýarlamalarynyň ähmiýetini açyp görkezmelidigini nygtady.