20-nji noýabrda Gazagystanda geçirilen nobatdan daşary Prezident saýlawlarynda, häzirki döwlet Baştutany, 69 ýaşly Kasym-Žomart Tokaýew ýeňiş gazandy. Halkara “Açyk jemgyýet” sebitleýin barlaglar institutynyň maglumatlaryna görä, ol saýlawçylaryň 82%-i tarapyndan goldanyldy. Ýene-de bir maglumatlara görä, “Amanat” partiýasy sesleriň 85,52%-den gowragyna eýe boldy. Saýlawçylaryň gatnaşygy, takmynan, 70% boldy.
Resmi netijeler şu gün yglan ediler. Gazagystanyň ozalky Prezidenti 28 ýyl bäri ýurda ýolbaşçylyk eden Nursultan Nazarbaýew Tokaýewi ýeňşi bilen gutlady.
Tokaýewden başga-da, saýlaw bäsleşigine ýene bäş dalaşgär gatnaşdy.