Dün­ýä­niň iň uly bö­lek söw­da kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lan “Ali­ba­ba” Gü­nor­ta Ame­ri­ka ýurt­la­ryn­da has köp tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çi­rer. Müş­de­ri­le­re sa­tyn alan ha­ryt­la­ry­ny sal­gy­sy­na el­tip ber­me­gi bi­len ta­nal­ýan hy­taý bren­di­niň lo­gis­ti­ka bö­lü­mi­ni ama­la aşyr­ýan “Cai­niao” Bra­zi­li­ýa­da buk­ja paý­laý­jy mer­ke­zi­ni aç­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Mun­dan ozal kom­pa­ni­ýa­nyň Mek­si­ka­da we Çi­li­de se­bit­le­ýin paý­la­ýyş mer­kez­le­ri bar­dy. Kom­pa­ni­ýa gel­jek üç ýy­lyň do­wa­myn­da Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň 10 şä­he­rin­de 1 müň sa­ny “akyl­ly san­dyk” gur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.
“Ali­ba­ba” Bra­zi­li­ýa­da tä­ze des­ga bi­len bir ha­tar­da 7 ştat­da 9 paý­la­ýyş mer­ke­zi açar. “Akyl­ly san­dyk­lar” bol­sa, müş­de­ri­le­riň elekt­ron usul­da sar­gyt edi­len buk­ja­la­ry­ny al­mak­la­ry­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. “Akyl­ly san­dyk­lar”, esa­san, Hy­taý­da pan­de­mi­ýa döw­rün­de ýaý­baň­la­nyp, adam­la­ryň ara­syn­da­ky gal­ta­şy­gy azalt­ma­ga ýar­dam edip­di.