Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) Katarda geçirilýän 2022 Dünýä Kubogyna bagly dört ýyllyk täjirçilik ylalaşyklary bilen 7,5 milliard dollarlyk rekord girdeji gazanjakdygyny mälim etdi. Mundan ozalky täjirçilik möwsümi bilen deňeşdirilende bu girdejiniň 1 milliard dollardan gowrakdygy aýdyldy. Girdejiniň artmagynda Dünýä Kubogynyň geçirilýän ýurdunyň “QatarEnergy” nebit kompaniýasynyň ýokary derejeli hemaýatkär bolmagynyň, üçünji derejeli hemaýatkärler hökmünde QNB bank bilen “Ooredoo” telekommunikasiýa kompaniýasynyň gatnaşmagynyň täsiri uly bolupdyr.

FIFA-nyň girdeji çeşmeleriniň hatarynda hemaýatkärler bilen bir hatarda “BeIN Sports” we “Fox TV” teleýaýlymlary bilen edilen şertnamalary hem bar. Şeýle hem mundan soňky çempionatyň ABŞ, Kanada we Meksika döwletlerinde geçirilmegi we ýygyndylaryň sanynyň 32-den 48-e çykarylmagy geljek dört ýylyň dowamynda futbol federasiýasynyň girdejisiniň 10 milliard dollara ýetirilmegine getirer. 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä Kubogynyň ýokary derejeli hemaýatkärleriniň sanawynda “Coca-Cola”, “Adidas” we “Wanda” bilen şertnamalar uzaldyldy. Täze ylalaşyklaryň hem gazanylmagy garaşylýar.

Bulardan başga-da Awstraliýada we Täze Zelandiýada geçiriljek 2023 FIFA Zenanlar Dünýa Kubogy üçin aýratynlykda hemaýatkärlik şertnamalary baglaşylýar.