Iň uly we iň kiçi ölçegleri aňlatmak üçin täze metrik goşulmalar tassyklandy – ronna, “quetta” (kwetta), ronto we “quecto” (kwekto).

Häzirki wagtda maglumatlar we ölçegler yzygiderli üýtgeýär we olary aňlatmak üçin täze sözlere zerurlyk duýulýar. Käbir ölçegleri ozalky birlikler bilen aňlatmakda kynçylyk döreýär. Mälim bolşy ýaly metrik ölçeg birlikleri soň­ky bir ýa­rym asyr­dan bä­ri dün­ýä­dä­ki Pa­riž­dä­ki Hal­ka­ra ag­ram­lar we öl­çeg­ler býu­ro­sy (BIPM) ta­ra­pyn­dan kes­git­le­nýär. Bu eda­ra wagt, uzyn­lyk, mas­sa, elekt­rik aky­my, tem­pe­ra­tu­ra, ýag­ty­ly­gyň dy­kyz­ly­gy we mad­da­nyň muk­da­ry ýa­ly je­mi ýe­di esa­sy öl­çeg bir­li­gi­ni ül­ňü­leş­dir­ýär. Bu bir­lik­ler teh­no­lo­gi­ýa we söw­da üçin hök­ma­ny ha­sap­lan­ýar. Alym­lar hem öz yl­my iş­le­rin­de he­mi­şe şol bir­lik­ler­den peý­da­lan­ýar­lar. Metrik ulgam üçin ylalaşylan global ülňi bolan Halkara Birlikler Ulgamyna (SI) soňky otuz ýyldan bäri täze goşulmalar girizildi. Sözüň öňünden goşulýan bu goşulmalar (prefiks) has uly sanlar üçin ronna  we kwetta hem-de has kiçi sanlar üçin ronto we kwekto goşulmalary ulanylar. Şeýlelikde “kilo” we “milli” ýaly ozaldan  mälim bolan goşulmalaryň sany artar.

Täze üýtgeşme Halkara Birlikler Ulgamyny dolandyrýan 27-nji Ag­ram­lar we öl­çeg­ler Baş Maslahatyna gatnaşan dünýäniň dürli ýerlerinden gatnaşan alymlar we hökümet wekilleri tarapyndan kabul edildi. Şeýle ýygnak adatça dört ýyldan bir gezek Parižiň günbataryndaky Wersal köşgünde geçirilýär. Täze öň goşulmalar örän kiçi käbir jisimleri aňlatmagy aňsatlaşdyrar. Birleşen Patyşalygyň Milli Fizika Laboratoriýasynyň ylmy işgäri Riçard Broun uzaklyk däl-de massa bilen düşündirmeli bolan bolanda Ýer planetasynyň agramynyň 6 ronnagramadygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä bu söz 6 belgisinden soňra 27 nol (6.000.000.000.000.000.000.000.000.000) diýmegi aňladýar. Ýupiteriň agramy bolsa, 2 kwettagram töwerigi.

Täze prefiksleriň ölçeg ulgamynyň geljege taýýarlanmagy we planetanyň azyndan geljek 20-25 ýyllap has uly sanlary aňlatmagy üçin ýeterlik boljakdygy bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, Pa­riž­dä­ki Hal­ka­ra ag­ram­lar we öl­çeg­ler býu­ro­sy tarapyndan 2018-nji ýyl­da mas­sa öl­çeg bir­li­gi bo­lan ki­log­ram, elekt­rik aky­my bo­lan am­per, ýy­ly­lyk bir­li­gi bo­lan kel­win we mad­da muk­da­ry bo­lan mo­luň kes­git­le­me­si üýt­ge­dil­ipdi. Hä­zir­ki wagt­da mol­dan baş­ga äh­li öl­çeg bir­lik­le­ri ýe­ke-täk öl­çe­ge, ýag­ny wag­ta gö­rä saz­la­nan. My­sal üçin, met­riň kes­git­le­me­si şöh­lä­niň se­kun­dyň 299 mil­li­on 792 müň 458-den bir bö­le­gi ýa­ly wagt­da ge­çen ýo­ly diý­lip ha­sap­lan­ýar. Ki­log­ram hem bi­raz çyl­şy­rym­ly usul ar­ka­ly se­kun­da gö­rä saz­lan­ýar.