Düýn badalga alan Katar 2022 Dünýä Kubogynyň 2-nji gününde 3 duşuşyk oýnalar. Olaryň 1-njisi “B” toparçada Angliýa bilen Eýranyň arasynda bolup, duşuşyk Aşgabat wagty bilen 18:00-da başlar. Bu olaryň arasyndaky ilkinji oýun bolar. Duşuşyk ýurduň milli stadiony bolan “Khalifa International”-da oýnalyp, oýna braziliýaly Rafael Klaus eminlik eder.
Günüň 2-nji duşuşygy 21:00-da “A” toparçadaky Senegal bilen Niderlandlaryň arasyndaky oýun bolar. Paýtagt Dohadaky Al Thumama stadionynda geçiriljek duşuşykda başga bir braziliýaly emin – Wilton Sampaio jürlewük çalar. Bu iki ýygyndy hem taryhlarynda ilkinji gezek duşuşarlar.
22-nji Dünýä Kubogynda günüň 3-nji duşuşygy “B” toparçada ABŞ bilen Uelsiň arasyndaky oýun bolup, duşuşyk ýarygijede (00:00) başlar. Al Raýýan şäherindäki Ahmad bin Aliniň adyny göterýän stadionda oýnaljak duşuşyga katarly Abdulrahman Al-Jassim eminlik eder. Iki topar mundan öň 2 gezek duşuşyp, şolaryň 1-inde ABŞ 2-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Beýleki duşuşyk golsuz tamamlanypdy. Olar Dünýä Kubogynyň çäginde ilkinji gezek duşuşarlar.
2-nji günüň duşuşyklary
- ANGLIÝA – EÝRAN (18:00) – “Khalifa International” – Rafael Klaus (Braziliýa)
- SENEGAL – NIDERLANDLAR (21:00) – “Al Thumama” – Wilton Sampaio (Braziliýa)
- ABŞ – UELS (00:00) – “Ahmed bin Ali” – Abdulrahman Al-Jassim (Katar)