Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Onuň Alyjenaby Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň çagyrmagy boýunça 2022-nji ýylyň 21–22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary boldy.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentleriniň arasynda ykdysady we ýaşaýyş-medeni gatnaşyklaryň örän möhüm ugurlary babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Taraplar ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, her tarapyň bähbidini göz öňünde tutmak bilen özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandyklaryny beýan etdiler. Olar şol ugurdaky mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we dikeldilýän energiýa ýaly, ileri tutulýan pudaklarynda bilelikdäki tagallalary artdyrmagy göz öňünde tutýandyklaryny beýan etdiler.
Taraplar bilelikdäki taslamalary amala aşyrylanda maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin iki döwletiň telekeçilerine goldaw bererler.
Taraplar ulag gatnawlarynyň iki döwletiň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, olar Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň halkara portlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň wajypdygyny nygtadylar.
Liderler halklary ýakynlaşdyrmagyň, olaryň arasynda özara düşünişmegi çuňlaşdyrmagyň, medeniýetleri özara baýlaşdyrmagyň, dostluk gatnaşyklaryny ösdürmegiň örän möhüm serişdesi hökmünde ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ornuny ykrar edip, medeni taýdan alyşmagy höweslendirmek we çuňlaşdyrmak, şeýle hem syýahatçylyk, sport, ylym we bilim babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar.
Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentleri halkara howpsuzlygynyň hem-de durnukly ösüşiň, gapma-garşylyklary duýdurmagyň we olaryň öňüni almagyň meselelerini çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýärler. Iki ýurduň ýolbaşçylary terrorçylygyň, transmilli jenaýatçylygyň hem-de neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalarynyň Ýer ýüzünde parahatçylyga hem-de howpsuzlyga esasy wehimleriň biri bolup durýandygyny beýan etdiler we bu howplara garşy göreşde hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Liderler parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbitlerine halkara hyzmatdaşlygynyň ekstremizmiň ähli görnüşlerine garşy göreşde hyzmatdaşlyga, özara hormatlamaga, düşünmäge we sabyrlylyga ýardam berýän çemeleşme hökmünde möhümdigini bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, Liderler sebit hem-de halkara derejelerinde ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny ýola goýmaga hem-de pugtalandyrmaga iki döwletiň çalyşýandyklary aýratyn nygtaldy, şeýle hem halkara meselelerini diňe diplomatik serişdeler arkaly parahatçylykly çözmegiň zerurdygy bellendi.
Taraplar iki ýurduň sebit we halkara derejesinde öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň parahatçylygy, durnukly ösüşi hem-de umumadamzat gymmatlyklaryny berkitmäge hyzmat etjekdigini nygtadylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2022-2023-nji ýyllar üçin hemişelik däl agzasy hökmünde Birleşen Arap Emirlikleriniň ornuna ýokary baha berdi hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti sebit we ählumumy derejelerde gatnaşyklary ösdürmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny we durnukly ösüşi goldamak hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti», «2021-nji ýyl halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly kararnamalaryny kabul etmek boýunça başlangyçlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalaryny belledi.
Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary we gyzgyn myhmansöýerlik üçin Onuň Alyjenaby Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Onuň Alyjenabyny resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.
Abu Dabi, 2022-nji ýylyň 21-nji noýabry