Her ýyl 21-nji noýabrynda dünýäniň köp ýurtlarynda Bütindünýä teleýaýlym güni bellenilip geçilýär. Bu senäni bellemeklik 1996-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edildi. BMG-niň düzümine girýän döwletler bu güni parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysady we jemgyýetçilik ösüşi we medeni alyş-çalşygy giňeltmek ýaly meseleler boýunça telegepleşikler arkaly belläp geçmegi teklip edýär. Bütindünýä teleýaýlym güni gündelik durmuşymyza getirýän çäksiz mümkinçiliklerine we ähmiýetine düşünmek üçin bellenilip geçilýär. Häzirki zaman dünýämizde teleýaýlym aragatnaşygyň esasy nyşanyna öwrüldi. Teleýaýlymyň, takmynan, ýüz ýyllyk taryhy bar. 1920-nji ýylyň başynda ABŞ-da, Ýaponiýada we şol wagtky Sowet Soýuzynda elektron şöhlelerini belli aralyklara geçirmek üçin ilkinji synaglar geçirilipdir. 1933-nji ýylda Wladimir Zworykin telewizoryň katod turbasyny oýlap tapýar. Bu açyşyň netijesinde 1936-njy ýylda Angliýada we Germaniýada, 1941-nji ýylda bolsa ABŞ-da yzygiderli teleýaýlymlar başlanýar. XX asyryň 50-nji ýyllarynda teleýaýlymlar Ýewropada hem giňden ýaýrap başlaýar. Häzirki zaman dünýämizde internetiň meşhurlygynyň uludygyna garamazdan, teleýaýlym aragatnaşygyň nyşany hökmünde ähmiýetini ýitirmän saklaýar. Ol jemgyýetçilik pikiriniň ösmegine düýpli täsir edýär.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
PDF









