Dünýä Kubogynda 4-nji hem 4 duşuşyk oýnalar. Olaryň ilkinji “F” toparçada Marokko bilen wise-çempion Horwatiýanyň arasynda bolup, oýun 15:00-da başlar. “Al Bayt” stadionynda oýnaljak duşuşyga argentinaly Fernando Rapallini eminlik eder. Bu olaryň arasyndaky 2-nji duşuşyk bolup, olaryň özara 1-nji duşuşygy 2-2 deňlikde tamamlanypdy.

Günüň 2-nji duşuşygynda Dünýäniň 4 gezek çempiony Germaniýa bilen Ýaponiýa duşuşar. 18:00-da başlanjak duşuşyga salwadorly Iwan Barton eminlik eder we duşuşyk “Khalifa International” stadionynda geçiriler. Iki topar mundan öň 2 gezek duşuşdy. Şolarda Ýaponiýa 1 gezek ýeňiş gazanyp, beýleki duşuşyk hem deňlikde (2-2) tamamlanypdy.

4-nji günüň 3-nji duşuşygynda 2010-njy ýylyň çempiony Ispaniýa bilen Kosta Rikanyň arasynda bolar. 21:00-da başlanjak oýun iki toparyň özarasyndaky 4-nji duşuşyk bolup, Ispaniýa mundan öň 2-1 we 5-0 hasaplar bilen ýeňiş gazanypdy. 1 oýun hem deňlikde gutarypdy. Dohadaky “Al Thumamada” oýnaljak oýunda BAE-li Mohammed Abdulla Hassan Mohamed jürlewük çalar.

Katar 2022-niň 4-nji gününiň iň soňky oýny Belgiýa bilen 36 ýyldan soň 2-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşýan Kanadanyň arasynda bolar. Entek Dünýä Kubogynda gol hem geçirip görmedik Kanada mundan öň Belgiýa bilen 1 gezek duşuşyp, onda-da 1-0 asgyn gelipdi. Ýarygijede, ýagny 00:00-da başlanjak oýun Al Raýýandaky “Ahmed bin Ali” stadionynda oýnalar. Duşuşyga zambiýaly Janni Sikazwe eminlik eder.

 

15:00 – Marokko – Horwatiýa (“F”) – “Al Bayt” – Al Hor

18:00 – Germaniýa – Ýaponiýa (“E”) – “Khalifa International” – Al Raýýan

21:00 – Ispaniýa – Kosta Rika (“E”) – “Al Thumama” – Doha

00:00 – Belgiýa – Kanada (“F”) – “Ahmed bin Ali” – Al Raýýan