“Ford” kompaniýasy dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän “E-Tourneo Custom” atly mikroawtobusyny tanyşdyrdy. 2024-nji ýylda Ýewropa bazarynda satuwa çykaryljak dört täze “Ford Pro” elektroulagyň biri boljak “E-Tourneo Custom”-yň ýolagçylara niýetlenen görnüşi 8 orunlyk bolar. Ulagyň dürli maksatlar üçin niýetlenen “Van”, “Kombi”, “Kombi Van” we mikroawtobus gabaraly görnüşleri hem öndüriler. “E-Tourneo Custom”-yň oturgyçlary aňsatlyk bilen öňe-yza süýşürip, içini ýük ýüklemek üçin giňeldip bolýar. Ulagyň gapylarynyň we aýnalarynyň açylyp-ýapylmagy we beýleki işleri dolulygyna awtomat usulda aňsatlyk bilen dolandyrylýar. Ulagyň zarýad berip bolýan batareýaly (PHEV) hem-de adaty ýangyç bilen işleýän gibrid görnüşi hem bolar. Şeýle hem ulagyň dört tigiri aýlanýan “Ford EcoBlue” dizel motorly görnüşi öndüriler. Bu model geljek ýylyň ortasynda satuwa çykarylar. Beýleki nusgalary bolsa, geljek ýylyň ahyrynda müşderilere ýetiriler.