Ýewropa Kosmos Agentligi kosmos giňişliginde elektrik energiýasyny öndürip, Ýere ibermek boýunça taslamany durmuşa geçirer. Ilki bilen bu taslamanyň näderejede netijeli boljakdygy, bahasynyň nähili boljakdygy anyklanar. Muny öwrenmek üçin üç ýyl ylmy barlag işleri geçiriler. Ýeriň orbitasynda her biri Ýerdäki ortaça ululykdaky elektrik bekedine barabar energiýa öndürjek Gün panelleri gurlar. Kosmos agentliginiň dolandyryjylar geňeşi “Solaris” atly taslamanyň çäklerinde guruljak energiýa bekediniň geljekde energiýa zerurlygyna jogap bermekde örän amatly boljakdygy bellenilýär. Kosmosdaky Gün panelleri yzygiderli işlär. Sebäbi ol ýerde gije-de ýok, bulut-da.
Şeýle pikir has köp ýyldan bäri bar. Emma häzire çenli durmuşa geçirmäge çynlakaý girişilmändi. Sebäbi, tehnologiýa babatda kyn bolandygy üçin gymmada düşýärdi. Emma tehnologiýanyň kämilleşmegi onuň bahasyny elýeterli edip biler. Sebäbi, häzirki wagtda birden köp gezek ulanyp bolýan göteriji raketalar peýda boldy. Ozalky ýyllarda kosmosa uçurylýan raketalar bir gezeklikdi. Şeýle hem häzirki wagtda energiýany geçirijisiz ibermek tehnologiýasy hem ösdi.
Didar Begmyradow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby