Hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen eziz Türkmenistan Watanymyz dünýäde asudalygy, parahatçylygy üpjün edýän gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly üstünliklere eýe bolýar. Döwletimiz sebitde gapma-garşylyklaryň öňüni almak, adam hukuklaryny goramak we beýleki ugurlar boýunça umumadamzat bähbitli hyzmatdaşlyklary ýola goýmakda BMG-niň Merkezi Aziýadaky ygtybarly daýanjyna öwrüldi.
Döwletimiziň teklibi esasynda Aşgabat şäherinde bu guramanyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi muňa güwä geçýär. Şu ýyl döredilenine 15 ýyl bolýan bu merkez sebitde durnuklylygy saklamaga, howpsuzlygy üpjün etmäge, özara bähbitli gatnaşyklar esasynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam edýän çäreleriň ençemesini durmuşa geçirdi.
Bu babatda hormatly Prezidentimiz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde eden çykyşynda: «Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hem dördüsiniň esaslandyryjylar hökmünde gatnaşan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň 2022-nji ýylyň dekabr aýynda 15 ýyllygynyň bellenilýändigini nazara almak bilen, biz Baş Assambleýanyň garamagyna bu merkeziň orny baradaky nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek isleýäris we degişli resminamada soňky ýyllaryň ähmiýetli wakalaryny, şol sanda Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagynyň yglan edilmegini beýan etmegi göz öňünde tutýarys» diýip, aýratyn nygtap geçdi.
Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dünýä taryhynda nusgalyk tejribesini toplady. Ata Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, beýleki köpsanly iri halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji dialogynyň Jarnamasynyň 76-njy sessiýanyň resminamalary hökmünde beýan edilmegi munuň aýdyň subutnamalarydyr hem-de döwletimiziň bu abraýly halkara gurama bilen gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykýandygynyň alamatydyr.
Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ählumumy ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen oňyn häsiýetli başlangyçlary bu abraýly gurama tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen, möhüm halkara meseleleriň çözülmeginde uly ähmiýete eýe bolan Kararnamalar hem doly subut edýär.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk ýurt bolan ata Watanymyz häzirki wagtda dünýäniň ençeme döwleti bilen diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýdy hem-de halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe süren başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolup, häzirki wagtda bolsa Arkadagly Serdarymyz bu başlangyçlary dowam edip, ýurdumyzy halkara derejesinde täze belent sepgitlere alyp barýar.
Hemra KAKAJANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, uly mugallymy.