Bi­ta­rap­lyk – hal­kymyzyň milli buýsanjy

165

Hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen eziz Türkmenistan Watanymyz dünýäde asudalygy, parahatçylygy üpjün edýän gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly üstünliklere eýe bolýar. Döwletimiz sebitde gapma-garşylyklaryň öňüni almak, adam hukuklaryny goramak we beýleki ugurlar boýunça umumadamzat bähbitli hyzmatdaşlyklary ýola goýmakda BMG-niň Merkezi Aziýadaky ygtybarly daýanjyna öwrüldi.

Döw­le­ti­mi­ziň tek­li­bi esa­syn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de bu gu­ra­ma­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň dö­re­dil­me­gi mu­ňa gü­wä geç­ýär. Şu ýyl dö­re­di­le­ni­ne 15 ýyl bol­ýan bu mer­kez se­bit­de dur­nuk­ly­ly­gy sak­la­ma­ga, howp­suz­ly­gy üp­jün et­mä­ge, öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­lar esa­syn­da ama­la aşy­ryl­ýan hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mä­ge ýar­dam ed­ýän çä­re­le­riň en­çe­me­si­ni dur­mu­şa ge­çir­di.

Bu ba­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň sam­mi­tin­de eden çy­ky­şyn­da: «Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za döw­let­le­riň hem dör­dü­si­niň esas­lan­dy­ry­jy­lar hök­mün­de gat­na­şan BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň dö­re­dil­me­gi­niň 2022-nji ýy­lyň de­kabr aýyn­da 15 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän­di­gi­ni na­za­ra al­mak bi­len, biz Baş As­samb­le­ýa­nyň ga­ra­ma­gy­na bu mer­ke­ziň or­ny ba­ra­da­ky no­bat­da­ky Ka­rar­na­ma­nyň tas­la­ma­sy­ny hö­dür­le­mek is­le­ýä­ris we de­giş­li res­mi­na­ma­da soň­ky ýyl­la­ryň äh­mi­ýet­li wa­ka­la­ry­ny, şol san­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak we hyz­mat­daş­lyk zo­la­gy­nyň yg­lan edil­me­gi­ni be­ýan et­me­gi göz öňün­de tut­ýa­rys» di­ýip, aý­ra­tyn nyg­tap geç­di.
Ýur­du­myz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň we dip­lo­ma­ti­ýa­nyň dün­ýä ta­ry­hyn­da nus­ga­lyk tej­ri­be­si­ni top­la­dy. Ata Wa­ta­ny­myz Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri, beý­le­ki köp­san­ly iri hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň ös­dür­ýär. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 76-njy ses­si­ýa­sy­nyň 97-nji umu­my mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da «Mer­ke­zi Azi­ýa – pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak we hyz­mat­daş­lyk zo­la­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi, Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Par­la­men­ta­ra fo­ru­my­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça ka­bul edi­len Aş­ga­bat Jar­na­ma­sy­nyň, Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Rus­si­ýa­nyň ze­nan­la­ry­nyň il­kin­ji dia­lo­gy­nyň Jar­na­ma­sy­nyň 76-njy ses­si­ýa­nyň res­mi­na­ma­la­ry hök­mün­de be­ýan edil­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­la­ry­dyr hem-de döw­le­ti­mi­ziň bu ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma bi­len gat­na­şyk­la­ry­nyň hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­ýan­dy­gy­nyň ala­ma­ty­dyr.
Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­sy bo­lan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň äh­lu­mu­my ösü­şiň ha­ty­ra­sy­na gö­nük­di­ri­len oňyn hä­si­ýet­li baş­lan­gyç­la­ry bu ab­raý­ly gu­ra­ma ta­ra­pyn­dan uly gol­da­wa eýe bol­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gyç­la­ry bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len, mö­hüm hal­ka­ra me­se­le­le­riň çö­zül­me­gin­de uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan Ka­rar­na­ma­lar hem do­ly su­but ed­ýär.
He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy BMG ta­ra­pyn­dan iki ge­zek yk­rar edi­len ýe­ke-täk ýurt bo­lan ata Wa­ta­ny­myz hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň en­çe­me döw­le­ti bi­len dip­lo­ma­tik we söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­dy hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň 50-ä go­la­ýy­nyň ag­za­sy bol­dy. Gahryman Arkadagymyzyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň be­lent mün­be­rin­den öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan giň gol­da­wa eýe bo­lup, hä­zir­ki wagt­da bol­sa Arkadagly Serdarymyz bu baş­lan­gyç­la­ry do­wam edip, ýur­du­my­zy hal­ka­ra de­re­je­sin­de tä­ze be­lent sep­git­le­re alyp bar­ýar.

Hem­ra KA­KA­JA­NOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, uly mugallymy.