Kumran ýazgylary – gadymy ýazgylaryň jemi bolup, miladydan öň III we miladynyň 68-nji ýyllaryna degişli diýlip hasaplanýar. 1947-nji ýylda Iudeý çöllerinde, Öli deňzinden uzakda bolmadyk Kumran jülgesinde mal bakyp ýören Omar we Muhammed ed-Dib atly iki çarwa arap täsin bir gowagyň üstünden barypdyr. Gowagyň içindäki daşyna zygyr mata saralan deriden eýlenip bejerilen golýazmalar olaryň ünsüni özüne çekipdir. Çarwalaryň aýtmagyna görä, olar bu gowaga ýitiren geçilerini gözläp giren ekenler. Olar tapyndyny gadymy del kitaplary toplaýan antikwara hödürleýärler.
Netijede, golýazmalar çynlakaý öwrenilenden soňra, olaryň hakyky taryhy gymmaty belli bolýar. Basym ilkinji golýazmalaryň tapylan ýerine tejribeli arheologlar gelýär. 1951-56-njy ýyllarda Iudeý çölünde geçirilen birsyhly gazuw-agtaryş işlerinden soňra, bu ýerden köp sanly ýazuw ýadygärlikleri ýüze çykarylýar. Olaryň ählisi tapylan ýerine görä, “Öli deňziň golýazmalary” diýen ada eýe bolýar. Käwagt bu ýazuw ýadygärlikleri “Kumran ýazgylary” diýlip hem atlandyrylýar. Kumran ýazgylarynyň arasynda has gowy saklanan birnäçe golýazmalar bar. Tapyndy wagtyň geçmegi bilen port häsiýete eýe bolup, golýazmalaryň ýüzündäki hatlaryň köp bölegi pytran eken. Uzak hysyrdyly işden soňra, olaryň birnäçesini ýaňadandan dikeltmek başartdy. Geçirilen barlaglar ýazgylaryň aglabasynyň arameý we gadymy ýewreý dillerinde, käbirleriniň hem, hem grek dilinde ýazylan eserlerdigini ýüze çykardy.
Ýaňy ýakynda ysraýylly arheologlar täze bir gowagyň üstünden baryp, bu ýerden düýrlenen golýazmanyň, şeýle hem golýazmalary saklamak üçin niýetlenen özboluşly gaplary ýüze çykardylar.
Bu barada Ierusalimdäki okuw mekdebiniň beýannamasynda mälim edilýär. Kumran ýazgylary şu mahala çenli 11 gowakda saklanyp, häzir onuň 12-siniň üstüniň açylandygy beýannamada mälim edilýär.