Bir gyz aeroportda öz reýsine garaşýardy. Ýöne onuň reýsiniň belli bir sebäplere görä, gijä galjakdygy habar berlipdi. Ol wagtyny geçirmek üçin kitap we köke satyn alyp, oturgyçlaryň birine geçip oturdy. Onuň gapdalynda üsti kökeli stol bolup, indiki oturgyçda bolsa, bir erkek kişi žurnal okap otyrdy. Gyz her gezek kökeden alyp iýende, erkek kişi hem kökeden alyp iýipdir. Bu ýagdaý gyzyň ganyny gyzdyrypdyr, ýöne ol hiç zat diýmeýär we okamagyny dowam edýär. Ol her gezek elini uzadanda, erkek kişi hem köke almagyny dowam etdiripdir. Gyz bu ahwala gazaba münüpdir, ýöne garaşylýan zalda galmagal turuzmak islemändir.
Diňe bir köke galanda gyz şeýle pikir edipdir: “Geň, bu edepsiz adamyň edýän işine seretsene!”. Hamala diýersiň, onuň pikirini okan ýaly erkek kişi iň soňky kökäni alyp, ony ikä bölüp, gabagyny galdyrman, oňa uzadypdyr. Bu ýagdaý ony ýetjek derejesine ýetiripdir, ol ýerinden turup, goşlaryny alyp, ol ýerden uzaklaşypdyr.
Soňra, ol uçara münüp, ýerine geçende, äýnegini almak üçin ýantorbasyna elini sokanda, bir gap kökä eli ilipdir. Birdenem, bir gap kökäni ýantorbasyna salandygy onuň ýadyna düşüpdir. Onuň edepsiz hasaplan akgöwünli adamy bolsa, asla gaharlanman, iň soňky kökesini onuň bilen deň paýlaşan eken.