Merkezi edarasy ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän “Archer Aviation” kompaniýasy “Midnight” atly uçýan taksi ulagyny tanyşdyrdy. Dört orunlyk ulagyň 2025-nji ýylda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. “United Airlines” awiakompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlanýan ulag elektrik energiýasy bilen işleýär. Dikligini howa göterilip hem-de gonup ulagyň öň tarapyndan hereket edýän, yzynda berkidilen, jemi 12 peri bar. “Midnight” dikuçardan tapawutlylykda galmagalsyz işleýär. “Archer” kompaniýasy uçaryň 10 minutda zarýad alýandygyny, sagatda 240 km ýol geçýändigini mälim edýär.

Howa ulagynyň synaglarynyň we ilkinji gatnawynyň Nýu-Jersi ştaty bilen Nýu-Ýork ştatlarynyň arasynda ýolagçy gatnawyny amala aşyrjakdygy mälim edildi.

Zöhre Gapurjanowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby