Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň ýurt­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak we gi­ňelt­mek Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, şun­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ra aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. 1995-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da res­mi taý­dan ýo­la goý­lan türk­men-emir­lik­ler gat­na­şyk­la­ry iki döw­le­tiň Li­der­le­ri­niň ara­syn­da soň­ky ýyl­lar­da ge­çi­ri­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­lar­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar esa­syn­da hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­ýar. Hormatly Prezidentimiziň 21-22-nji no­ýabr­da bu dost­luk­ly ýur­da ama­la aşy­ran res­mi sa­pa­ry hem köp­ýyl­lyk ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re çyk­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik ber­di.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan bi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar 1995-nji ýy­lyň 10-njy okt­ýab­ryn­da ýo­la go­ýul­dy we 2002-nji ýy­lyň 20-nji aw­gus­tyn­da BAE-niň Türk­me­nis­tan­da­ky il­çi­ha­na­sy açyl­dy. Ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sa­par­lar we ola­ryň ne­ti­je­sin­de äh­li ugur­lar ba­bat­da gol çe­ki­len yla­la­şyk­lar iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek üçin berk bin­ýat bol­dy. BAE Türk­me­nis­ta­nyň esa­sy söw­da hyz­mat­daş­la­ry­nyň ha­ta­ry­na gi­rip, iki ýur­duň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy ýyl­sa­ýyn art­ýar. Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag-ara­gat­na­şyk, ma­li­ýe-bank işi, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Bi­lim­le­ri we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, yl­my-teh­ni­ki tä­ze­çil­lik­le­ri alyş­mak, ma­ýa go­ýum­lar hem öza­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry­dyr.
Türk­me­nis­tan bi­len BAE-niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de, ab­raý­ly se­bit hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de dep­gin­li ös­dü­ril­ýär. Mu­nuň şeý­le bol­ma­gy­na türk­men-emir­lik­ler hyz­mat­daş­ly­gy­na mah­sus yna­ny­şyk­ly, öza­ra hor­mat goý­mak esa­syn­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki dia­log ýar­dam ber­ýär.
Te­bi­gy ga­zy eks­port edi­ji döw­let­le­riň bi­ri­ bolan ýur­du­my­zyň gaz­hi­mi­ýa se­na­ga­ty hem ös­dü­ril­ýär, ön­düril­ýän önüm­le­ri­ň giň gör­nü­şi hal­ka­ra ba­zar­la­ra çy­ka­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz BAE-niň öň­de­ba­ry­jy ener­ge­ti­ka kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga taý­ýar­dyr.
Ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my hem hyz­mat­daş­ly­gyň stra­te­gik ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu ugur­da iki ýur­duň port dü­züm­le­ri­ni ulan­mak ar­ka­ly ut­gaş­dy­ry­lan ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­ler bar. Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň we BAE-niň port­la­ry­nyň lo­gis­tik «bag­la­ny­şy­gy­nyň» örän uly gel­je­gi bar.
Oba ho­ja­ly­gy, ara­gat­na­şyk we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar, gaý­ta­dan iş­le­ýän we hi­mi­ýa se­na­ga­ty, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy hyz­mat­daş­ly­gyň beý­le­ki mö­hüm ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da­dyr. Şä­her­gur­lu­şyk ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň hem uly gel­je­gi bar. Hä­zir­ki gün­de Türk­me­nis­tan­da bu ugur­da iri tas­la­ma – Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy ama­la aşy­ry­lyp, bu ugur­da­ky iş­ler ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar.
Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­ta­nyň dür­li ul­gam­lar­da ba­şy­ny baş­lan we dur­mu­şa ge­çir­ýän giň ge­rim­li tas­la­ma­la­ry türk­men-emir­lik­ler hyz­mat­daş­ly­gy­ny, şol san­da ma­ýa go­ýum işi­ni we ne­ti­je­li işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mek üçin amat­ly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.
Yn­san­per­wer hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da aý­dy­lan­da, ylym, bi­lim, me­de­ni­ýet we sun­gat ugur­la­ry bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi halk­la­ry­my­zy ýa­kyn­laş­dyr­ma­gyň, dost­luk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm şer­ti­dir. Türk­me­nis­ta­nyň we BAE-niň baý ta­ry­hy mi­ra­sy, öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry bar. Bu ul­gam­da tej­ri­be alyş­mak, bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri – Me­de­ni­ýet gün­le­ri­ni, ser­gi­le­ri, dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry­ny gu­ra­mak me­de­ni­ýet­le­riň öza­ra baý­laş­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam be­rer.

Je­mal ATA­MY­RA­DO­WA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň iň­lis di­li we ede­bi­ýa­ty
fa­kul­te­ti­niň mu­gal­ly­my.