Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda sürüjisiz ulag gatnawy ýola goýuldy. “Hyundai” kompaniýasynyň işläp taýýarlan awtobusy şäheriň Jongno-gu etrabyndaky “Sewoon” söwda merkezi bilen “Cheonggye Plaza” aralygynda gatnaýar. Üç kilometrden gowrak bolan bu aralykda hereket edýän jemgyýetçilik ulagy kamera we lazer şöhleleri bilen enjamlaşdyrylyp, howpsuz hereketi amala aşyrýar. Ýolagçylary öňünden ýer belletmek arkaly awtobusa tölegsiz münip bilýärler. Ulagyň häzirlikçe gysga aralykda hereket etjekdigi, ýakynda uzak aralyga gatnawynyň ýola goýuljakdygy mälim edildi. Jemgyýetçilik ulagynyň daşky şekili adaty awtobusdan tapawutlylykda, ýiti burçly däl-de, togalak şekilli hem-de giň aýnalary bar. Oýunjaga meňzeýän bu dizaýn ýörite saýlanypdyr. “Hyundai”-yň “42dot” atly awtonom sürüş tehnologiýasynyň ýolbaşçysy Jeon Seon Gýun köpçülikleýin önümçiligiň aňsat we arzan bolmagy üçin ýeňil materiallardan peýdalanylýandygyny aýtdy. Şeýle hem Seon Gýun howpsuzlygy üpjün edýän gymmat sensorlaryň deregine kameralaryň we lazerleriň oturdylandygyny mälim etdi. Awtobus bir gatnawyny 20 minutda amala aşyrýar.
Işangeldi Hommadow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









